ذلیلی  Zelili

ذلیلی Zelili

Zelili beýik watançy, gumanist, ökde lirik şahyr bolupdyr. Onuň bu lakamy ýaşaýşy-durmuşy bilen baglanşyklydyr. Zelili ömrüniň ýedi ýylyny Hywada ýesirlikde geçirýär
ذلیلی  Zelili

ذلیلی Zelili

Zelili beýik watançy, gumanist, ökde lirik şahyr bolupdyr. Onuň bu lakamy ýaşaýşy-durmuşy bilen baglanşyklydyr. Zelili ömrüniň ýedi ýylyny Hywada ýesirlikde geçirýär

Gygyrmak bilen

Gygyrmak bilen

Gapyl ýatma, adam, tur işiňi gör,

Geçdi kerwen, durmaz gygyrmak bilen;

Ajal gelip, tutar ýakaňdan bir gün,

Tutansoň, aýrylmaz çagyrmak bilen.


Azygyň taýýar et, ýagşy çag—bu çag,

Ara gorkulydyr, gerekdir ýarag,

Tetärik kem, wagt teň, menziliň-ýyrag,

Ýetdirmez özüňe zarp urmak bilen.


Rast ýol barka, egri ýola gider sen,

Neçün beýle özüň asy eder sen,

Aga-döne gedem-gedem eder sen,

Goýmazlar parahat şu ýörmek bilen.


Pelek tora salar ahyr aldaýyp,

Sen ondan bihabar gezer sen gaýyp,

Ýörer sen, «dünýäni tutaýyn» diýip,

Tutdurmaz bu dünýä ýüwürmek bilen.


Aýama diländen elde bar zadyň,

Jan öýünden ber diňläne öwüdiň,

Garyp bolsa, ady bolmaz ýigidiň,

Tutanda daglary oburmak bilen.


Söweş güni mert ýarasyn baglamaz,

Namart gaçar, dönüp soňun saglamaz,

Akly bolan ölüsine aglamaz,

Ölen dirilermi bagyrmak bilen?


Wagtyna ýetmeýin, baglar bar almaz,

Hazan ýeli çalman, gül reňgi solmaz,

Adam häsiýetin adam hiç bilmez,

Köp bile gezişmen, bir görmek bilen.


Ele düşse ziba, perizat gyzy,

Arwahyň almasa, ýakmaz owazy,

Köňül islemez ýerden bir ýaman sözi

Eşitseň, iç gysar sygyrmak bilen.


Gardaşyň gardaşa sözi ötmese,

Gadyrly bolmasa, köňli ýetmese,

Ýüregi sap bolup, içi bitmese,

Ne magna ýüzüne ýylgyrmak bilen.


Ogry görmez, oba içinde ot görse,

Goýun ýatmaz, agylynda gurt görse,

Är öýüne är ger, mylakat görse,

Ýüz tapmasa, gelmez çagyrmak bilen.


Zeliliniň watan çykmaz serinden,

Aglap gezer, kim aýrylsa ýerinden,

Süňňi haramylar gaýtmaz raýyndan,

Ýaşy gaýdyp, sakgal agarmak bilen.


Türkmen şahyry: Zelili  ذلیلی