-
اشعار انتخابی ذلیلی Zeliliniň saýlanan goşgulary
سهشنبه 23 مرداد 1403 18:20
Zelili – Goşgular Türkmen Sähra Kitaphanasy blog-a geçirildi. Doktor Wahab Hajisardaryň gözegçiligi astynda. Mazmuny Zelili ذلیلی Janymyň jananasy Gelýär Köz biläni Dostdan gaçar Aldady meni Aglar Iş bolsa Ýalandadyr Başda bellidir Käre döndi Gürgene gideli Bellidir Boldum Ýoldur bu Indi Eýledi husnuna hyrydar meni...
-
Döndi
سهشنبه 23 مرداد 1403 18:16
Döndi Gulam şahym, saňa dada gelmişem, Eşitgin arzymny, haraýym Döndi; Perwana dek urup, oda gelmişem, Eger razy bolsaň, ýanaýym, Döndi. Ýaradan alladan gaýry pena ýok, Dilde zikir, senden başga sena ýok, Men bilmedim, mende zerre günä ýok, Hatam bolsa, geçgin günäýim, Döndi. Men aglar men, zag gonupdyr gülüňe, Gel,...
-
Özge dem bolmaz
سهشنبه 23 مرداد 1403 17:31
Özge dem bolmaz Ganymat bil saglyk bilen gezeniň, Dem şu demdir, biliň, özge dem bolmaz; Bikärdir ýaltanyp, ýaman ýöreniň, Bu bir hassalykdyr, asla em bolmaz. Bir niçeler gezer mele don geýip, Örtener nebsiniň oduna köýüp, Magtanarlar ile «sopy men» diýip, Emma weli gözlerinde nem bolmaz. Hergiz köňül bermäň ýalan...
-
Ýaraşmaz
سهشنبه 23 مرداد 1403 17:28
Ýaraşmaz Götär diýip, tagna, terene etmek Dünýä mesi bir murdara ýaraşmaz; Nesihat bermeklik, öwüt öwretmek Taňry guýan akyl äre ýaraşmaz. Asly musulmana dininden dänmek, Ömre ygtybar, jan barlygna yşanmak, Begres geýip, bile kemer guşanmak Çölde gezen çopanlara ýaraşmaz. Kümüş bolmaz, ýagşy zikge ursaň mise, Gahry...
-
Gygyrmak bilen
سهشنبه 23 مرداد 1403 17:24
Gygyrmak bilen Gapyl ýatma, adam, tur işiňi gör, Geçdi kerwen, durmaz gygyrmak bilen; Ajal gelip, tutar ýakaňdan bir gün, Tutansoň, aýrylmaz çagyrmak bilen. Azygyň taýýar et, ýagşy çag—bu çag, Ara gorkulydyr, gerekdir ýarag, Tetärik kem, wagt teň, menziliň-ýyrag, Ýetdirmez özüňe zarp urmak bilen. Rast ýol barka, egri...
-
Içinde
سهشنبه 23 مرداد 1403 17:21
Içinde Arzy-halym bir-bir beýan edeýin, Gezer boldum ýazsyz gyşyň içinde; Derdim güýçli, men örtenmän nädeýin, Gowga köpdür syna-başyň içinde. Jepa çekip, dünýä ýolun tapmadym, Toýlar tutup, atlar her ýan çapmadym, Çekip gonaklary, halat ýapmadym, Bisan boldum deňi-duşuň içinde. Bu garyplyk üstümizden gitmedi, Köňül...
-
Halym bardyr
سهشنبه 23 مرداد 1403 17:17
Halym bardyr Eý byradar, gozgar bolsaň derdimi, Ejiz, ebgär düşen bu halym bardyr; Bir senem yzynda bolup diwana, Hywa, Buhar gitmek hyýalym bardyr. Çyn byradar bolsaň, bile gider sen, Garyp, misgin, pakyr köňlüm güýder sen, Sen meniň hakymda doga eder sen, Soralmaz, idelmez ahwalym bardyr. Hasratynda elip kaddym dal...
-
Sil bolar boldy
سهشنبه 23 مرداد 1403 17:15
Sil bolar boldy Gije-gündiz aglamakdan «ýar» diýip, Indi gözüm ýaşy sil bolar boldy; Bilbil idim, saýrar idim «gül» diýip, Saýragan tillerim lal bolar boldy. Diýmez boldum ahyr «ýar-ýar» diýmekden, Ýok boldum, tükendim gussa iýmekden, Eý ýaranlar, gam öýünde köýmekden Elip dek kamatym dal bolar boldy. Aklym çaşdy,...
-
Watanym seni
سهشنبه 23 مرداد 1403 17:12
Watanym seni Ýürek telwas eder, göterler serim, Köňül arzuw eýlär, watanym, seni! Etrek, Gürgen ýurdum – gezen ýerlerim, Köňül arzuw eýlär, watanym, seni! Sugunly, umgaly, çal goçly daglar, Belentden pesdine akan bulaglar, Sowuk suwly, ter çemenli awlaglar, Köňül arzuw eýlär, watanym, seni! Miwesi bihasap, bakjaly...
-
! Salam, seýidi
سهشنبه 23 مرداد 1403 17:09
Salam, seýidi! Köňli çökgün — bu biçäre garypdan, Gönderdim men saňa salam, Seýidi! Ýollar hyz-haramy, aralyk ýaman, Baryp, hal-ahwalyň sorma, Seýidi! Üç ýyl boldy bir görmäli didaryň, Gelmedi bir hat-galamyň, güftaryň, Azaby-kyýamat—çeken azabyň, Hak bersin derdiňe şypa, Seýidi! Eşitdim, gidip sen karzdar bolup,...
-
Nyşan, seýidi
سهشنبه 23 مرداد 1403 17:05
Nyşan, seýidi Ýakyn köňül bilen bu ýyrak ýerden Gönderdim men saňa nyşan, Seýidi! Gündogdudan, Hallygylyç serdardan, Ýazyp bir zarynjy dessan, Seýidi! Aldandyk, tersleşdik, hanyň hyýaly, Dini dostdur, ýaman kuffardan päli, Ýurdundan turuzyp, agladyp ili, Kyldy harap, etdi weýran, Seýidi! Galdyk bu mähnetden munda...
-
Seýle gideli
سهشنبه 23 مرداد 1403 17:03
Seýle gideli Iki jahan byradarym, hemdemim, Gel, Seýidim, ýara seýle gideli; Hoş mübärek gül ýüzüni görmäge, Gel, Seýidim, ýara seýle gideli. Baraly, soraly, nedir ahwaly, Biziň üçin talhmy aby-zulaly, Ýaşy on dört-on bäş, aýny mahaly, Gel, Seýidim, ýara seýle gideli. Ýüzleri nurana, hurşydy-taban, Kaddy şemşat erer,...
-
Ýar senden
سهشنبه 23 مرداد 1403 17:01
Ýar senden Ýaňaklary läläm, pisse dahanym, Men döner men, köňlüm dönmez ýar senden; Roýy gül-benewşäm, toty suhanym, Men döner men, köňlüm dönmez ýar senden; Perhat «Şirin» diýip, munça gezendir, Mejnun, Leýli sütemine dözendir, Diýmegil: «Ýar menden elin üzendir», Men döner men, köňlüm dönmez ýar senden; Çykmak...
-
Islemen seni
سهشنبه 23 مرداد 1403 16:58
Islemen seni Köp çekdim jebriňi jepaly, dilber, El göterdim indi, islemen seni; Bolmadyň sen maňa wepaly, dilber, El göterdim indi, islemen seni. Dünýe eşretinden jyda eýlediň, Mejnun dek yzyňda geda eýlediň, Halaýyk içinde ryswa eýlediň, El göterdim indi, islemen seni. «Ýar» diýip, saýramakdan tilim galmady, Indi...
-
Eý gardaş
سهشنبه 23 مرداد 1403 16:56
Eý gardaş Halymdan habaryň ýokdur, eý gardaş, Öňküden zyýada boldy pyganym; Derdimi içimde pynhan kylardym, Indi äşgär boldy syrry-pynhanym. Uýat-haýa, şerim gitdi ýüzümden, Şeb bidaram, hab nist bolup gözümden, Köňül etme, byradar, meniň özümden, Erkim ýokdur, yşk alyp ygtyýarym. Derdim başdan aşa, köňlüm gamlydyr,...
-
Meniň
سهشنبه 23 مرداد 1403 16:52
Meniň Eý byradar, jellat gözli bir zalym. Yşk oduna süňňüm ýakandyr meniň; Hasratyndan ah çekmekden eňränim Sadap dek dişlerim dökendir meniň. Zowky dünýä maňa bolupdyr haram, Ne mende takat bar, ne sabry-aram, Aglamakdan her ruzy-şeb, subhy-şam, Gözüm ýaşy sil dek akandyr meniň. Köňül talwas eder, ýete bilmenem, Baş...
-
Gerekdir
سهشنبه 23 مرداد 1403 16:45
Gerekdir Dergähiňe bir arzym bar, ýaradan, Bize bir mähriban Leýli gerekdir; Bugdaýy reň bolsun akdan-garadan, Ýagşy gylyk, ýagşy hoýly gerekdir. Gaýraty köp bolsun işde, jedelde, Gara saçy düşsün ak ýüze dalda, Ýagşy ata, ýagşy ene görelde, Aşygy öldürji towly gerekdir. Boýy uzyn bolsun, ýüzi ak bolsun, Balaman...
-
Halym perişan
سهشنبه 23 مرداد 1403 16:42
Halym perişan Pyrakyňda seniň, eý, serwi-rowan, Bolupdyr bu meniň halym perişan, Eý, biwepa ýar, Köp berdiň azar, Menden ne günä gördüň, eý jenan, Alma zenahdan, Zülpi huraman, Ýandyrdyň meni, Köýdürdiň meni, Rehimsiz dildar, Gözleri ganhor. Çyn nurana wežh baýza berkemal, Labzy şähdi-şeker, eý sahypjemal, Bäri...
-
Eýledi husnuna hyrydar meni
سهشنبه 23 مرداد 1403 15:55
Eýledi husnuna hyrydar meni Ýaňy başdan oda saldy ýar meni, Eýledi husnuna hyrydar meni. Zülpleri tar-tar meni, Aglatdy zar-zar meni, Gaşy keman, kirpikleri tir meni, Eger görse, gamzalary iýr meni, Öldir bu gün gözleri ganhor meni. Jahan içre meni ryswa kylypdyr, Bu eziz ömrümi kötä kylypdyr, Maňa jepa kylypdyr,...
-
Indi
سهشنبه 23 مرداد 1403 15:10
Indi Biliň, ahyrzaman ýakyn Gelipdir bigüman indi; Bolupdyr il ile ýagy, Oba oba duşman indi. Çykypdyr täze ýol ýoda, Galypdyr öňki urp-kada, Gulak salmazlar nurbada, Diňlemezler aman indi. Köňüle kine dolduryp, Pakyr malna göz gyzdyryp, Ýersiz bir-birin öldürip, Ederler nahak gan indi. Rast dogry ýoldan gaýdarlar...
-
Ýoldur bu
سهشنبه 23 مرداد 1403 14:55
Ýoldur bu Owal Adam ata döräp, Erenler geçen ýoldur bu; Pygamber hasasyn süýräp, Weliler geçen ýoldur bu. Buhar telpegi başynda, Sürgün ýorganyň joşunda, Aýny ýigrimi ýaşynda Ýigitler geçen ýoldur bu. Ol dereden derä bukan, Çakmak çakyp, otlar ýakan, Dagdan aýrak, umga ýykan Mergenler geçen ýoldur bu. Ternawly ýapdan...
-
Boldum
سهشنبه 23 مرداد 1403 14:52
Boldum Ýesir bolup, munda gelip, Jandan doýan ýaly boldum; Ýagşy meýlisden aýrylyp, Göýä çopan ýaly boldum. Garyplyk aldy kuwwaty, Çeker boldum muşakgaty, Ýüz müň gaýgy-garamaty Başa goýan ýaly boldum. Taşlap geldik ol mekany, Jebre saldyk şirin jany, Pähm edip peýda-zyýany, Indi duýan ýaly boldum. Howp aldy aklyň...
-
Bellidir
سهشنبه 23 مرداد 1403 14:50
Bellidir Dostlar, artyk söz çekmek, Är ýanynda bellidir; Supra ýaýyp, nan dökmek, Bar ýanynda bellidir. Ganym görende mertler, Goş başynda namartlar, Çölde gezen aç gurtlar Har ýanynda bellidir. Başa düşse ýaman iş, Şonda gerekdir gardaş, Şir ganymy syýagüwş Şir ýanynda bellidir. Men aýdaýyn bire-bir, Agaç içinden...
-
Gürgene gideli
سهشنبه 23 مرداد 1403 14:47
Gürgene gideli Hywa hannyň salgydy agyr, Han ýanynda günüň ygyr. Halap söýen maly sygyr, Däli Gürgene gideli. Hywa hannyň aty bolar, Dürli gülli oty bolar, Ýeri, ýurdy gaty bolar, Däli Gürgene gideli. Han ýanynda günüň hatar, Ýazyna buzuny satar, Hywa gelen borja batar, Däli Gürgene gideli. Zelili diýr, ýandym munda,...
-
Käre döndi
سهشنبه 23 مرداد 1403 14:44
Käre döndi Ýyl-ýyldan işler pis boldy, Her kişi bir käre döndi; Ýaman işler peýda boldy, Pysky-pysat bara döndi. Il üçin aglaýan sesler, Belent boldy niçe pesler, Pul ýygnaýan muhannesler, Her biri bir äre döndi. Bir niçeler gapyl ýörer, Eklenç üçin janyn berer, Anty-şerti oýun görer, Ant-kasam hünäre döndi. Ýylda...
-
Başda bellidir
سهشنبه 23 مرداد 1403 14:41
Başda bellidir Boljak ýigit ýaşlykdan, Ol owwal başda bellidir; Ula-kiçä özün aldyr, Deň bilen duşda bellidir. Birewe ýoldaş bolanda, Gatnaşyp, gardaş bolanda, Ýagşy-ýaman iş bolanda, Çyn dost geňeşde bellidir. Bir niçe adam çen bilen, Çeni gatadyr çyn bilen, At tanatdyrmaz syn bilen, Ýüwrük ýaryşda bellidir. Köp...
-
Ýalandadyr
سهشنبه 23 مرداد 1403 14:38
Ýalandadyr Barça günäniň enesi Gybat bilen ýalandadyr; Ili aldamak tenesi Az berip, köp alandadyr. Men-menlikde gezer käsi, Günbe-günden bolar asy, Agyz içiniň yzasy «Gah-gah» edip gülendedir. Ýygjak bolup dünýä-zeri, Garyplara derdeseri, Zat diýp çapar baýy-piri, Gözi gumdan dolandadyr. Ne pakyry, ne daýhany, Ölüm...
-
Iş bolsa
سهشنبه 23 مرداد 1403 14:36
Iş bolsa Namart öýünde gabarlar, Bir zerre ýakmaz iş bolsa; Özüni bilmez, göterler, Eger on öýe baş bolsa. Öýde bolar gyňyr kişi, Çöle çyksa, köp teşwüşi, Namardyň edejek işi — Saklar, gorkusyz goş bolsa. Namart owal öýden gitmez, Eger gitse, goşdan ötmez, Goç ýigit hergiz gaýytmaz, Döndermez ýüz, müň baş bolsa....
-
Aglar
دوشنبه 22 مرداد 1403 21:50
Aglar Beň çeken sermest humarbaz Galar borja, «pul» diýp aglar; Gündiz roza, gije namaz, Çyn derwüşler «ýol» diýp aglar. Azmaz zaty dogry är çyn, Ýaman ýolun alar peri, jyn, Aşyklar magşugy üçin, Şeýda bilbil «gül» diýp aglar. Sugun, hyrs jeňňeli söýer, Keýik, gulan çöli söýer, Meges peşe baly söýer, Guwwaslar «dür»,...
-
Aldady meni
دوشنبه 22 مرداد 1403 21:46
Aldady meni Owal başda çirki dünýä Saz bilen aldady meni; Owadan geline meňzäp, Näz bilen aldady meni. Gapyl bolup, gaýnap daşdyk, Şeýtanyň şerine gaçdyk, Köp oýunly söwda duşduk, Baz bilen aldady meni. Peýda diýdiler zyýany, Görkezip altyn kiýany, Ýek eken soňy-paýany, Söz bilen aldady meni. Dünýä uly gyza meňzäp,...