Zelili – Goşgular
Türkmen Sähra Kitaphanasy blog-a geçirildi.
Doktor Wahab Hajisardaryň gözegçiligi astynda.
«ÝEDIGEN» kitaphanajygy
Zelili «TURAN»
Aşgabat, 1991
Kitapça türkmen klassygy Gurbandurdy Zeliliniň goşgulary girizildi.
«Ýedigen» kitaphanajygy – Aşgabat, «Turan» neşirýaty, 1991.
—
TSSR-iň halk ýazyjysy Gurbandurdy Gurbansähedowyň redaksiýasy bilen.
Redaktor-düzüji: Tejen Nepesow.
Neşir üçin jogapkärler: Kömek Kulyýew, Anna Sous.
Suratçylar: Sülgün, Myrat, Annaguly Hojagulyýewler.
—
Bu kitapdaky maglumat "bolşy ýaly" esaslarda, kepilliksiz getirilýär. Bu iş taýýarlananda ähli seresaplyk çäreleri görlen hem bolsa, ne awtor(lar), ne «Enedilim. com» sahypasy bu işdäki informasiýa sebäpli çekilen göni ýa gytaklaýyn ýitgi ýa zelel üçin hiç bir adamyň ýa guramanyň öňünde jogapkärçilik çekmeýär.
—
PDF-a geçirildi: 25. Awgust 2013 «Enedilim. com» sahypasynyň kitaphanasy.
Mazmuny
ZELILI
(1780 — 1852)
Zelili gökleň taýpasynyň gerkez tiresinden bolup, Gürgen topragynda dogulýar. Etrek we Gürgendäki mekdeplerde okaýar. Tanymal şahsyýetler Azady onuň babasy bolup, Magtymguly onuň daýysydyr. Alym we şahyrlar kowmy Zelilide ylma we şygra hyjuw oýarýar. Arap we pars edebiýaty we ylmy onuň düşünjesini baýlaşdyrýar. Gürgen we Etrek edebi sredasynda tiz tanalýar. 1816-njy ýylda Hywa hany Muhammetrahym han Gürgene ýöriş edýär we gökleňleriň uly bölegini ýesir edip, Hywa sürýär. Zelili şol ýesirler bile Hywa düşýär, 6-7 ýyl onda galyp, 1822-1823-nji ýyllarda Etrege dolanyp gelýär. Zelili we Seýdiniň alşan hatlary edebiýatda täze žanry emele getirýär. Zelili başda Magtymgulynyň wepadar şägirdi bolup, soň ol uly klassyk bolup ýetişýär. Onuň yşky we sosial poeziýasy bar, ol halky we juda şahyrana. Onuň bütin goşgulary diýen ýaly türkmeniň halk aýdymyna öwrülipdir. Zelili hakda birnäçe monografiýa ýazyldy. Onuň kitaplary dowamly çap edilýär.
Zelili hak aşyk we pidakärligiň simwolydyr.
Tejen Nepesow