Köz biläni
Dilber, sen meni ýandyrdyň
Bir görünmez köz biläni;
Ýene ýüz kürsä mündürdiň,
Müň doýdurdyň näz biläni.
Ýakyp sen içim-daşymy,
Telbe edip sen başymy,
Alyp sen akyl-huşumy
Şol piýala göz biläni.
Husnuň dünýä şugla salar,
Aý-gün ýanaşsa, uýalar,
Özünden giden köp bolar,
Ýörir bolsaň düz biläni.
Bagyňa seýle barmadym,
Nowça gülüňi tirmedim,
Aý dek jemalyň görmedim,
Ötdi tomus-güýz biläni.
Düşseň men guluň eline.
Mal-başym huda ýoluna,
Men bermenem ýüz geline,
Ýene togsan gyz biläni.
Dözmen bu derdi-azara,
Güýç alýar ol bara-bara,
Synam üzre täze ýara
Burç goýup sen duz biläni.
Janym bu jepadan dynmaz,
Yşk derýasy daşar, synmaz,
Bagtym gaflatdan oýanmaz
Söhbet bilen, saz biläni.
Jepbar bagtym bendin açmaz,
Şum talygym murgy uçmaz,
Içden ýaryň ody öçmez
Baran bilen, buz biläni.
Zelili diýr, şamçyragym,
Iki jahanda geregim,
Yşkdan dolupdyr ýüregim,
Egsebilmen söz biläni.
Türkmen şahyry: Zelili ذلیلی