Meniň
Eý byradar, jellat gözli bir zalym.
Yşk oduna süňňüm ýakandyr meniň;
Hasratyndan ah çekmekden eňränim
Sadap dek dişlerim dökendir meniň.
Zowky dünýä maňa bolupdyr haram,
Ne mende takat bar, ne sabry-aram,
Aglamakdan her ruzy-şeb, subhy-şam,
Gözüm ýaşy sil dek akandyr meniň.
Köňül talwas eder, ýete bilmenem,
Baş alyp, bir ýana gide bilmenem,
Ynjalyp, parahat ýata bilmenem,
Bagryma sanjylan tikendir meniň.
Dadyma ýeten ýok, men kylsam haraý,
Onuň üçin telbe bolup men gedaý,
Kirpigin ok edip, gaşlaryny ýaý,
Synamy nyşana dikendir meniň.
Öýkäm köpdür näzli ýaryň ýüzünden,
Saldy meni uly iliň gözünden,
Iki dünýä aýrylmanam yzyndan,
Zülplerin boýnuma dakandyr meniň.
Ýokdur bu jahanda meniň deý bolan,
Hak aşygam çyndan, diýmenem ýalan,
Gahar edip, yşkyň çiriki bilen,
Gelip, ýar öýüme bukandyr meniň.
Zelili, dogry dur hakyň ýoluna,
Her söz geler şahyrlaryň tiline,
Turup, hijran pilin alyp eline,
Köňlüm ymaratyň ýykandyr meniň.
Türkmen şahyry: Zelili ذلیلی