Aglar
Beň çeken sermest humarbaz
Galar borja, «pul» diýp aglar;
Gündiz roza, gije namaz,
Çyn derwüşler «ýol» diýp aglar.
Azmaz zaty dogry är çyn,
Ýaman ýolun alar peri, jyn,
Aşyklar magşugy üçin,
Şeýda bilbil «gül» diýp aglar.
Sugun, hyrs jeňňeli söýer,
Keýik, gulan çöli söýer,
Meges peşe baly söýer,
Guwwaslar «dür», «lagl» diýp aglar.
Saýraşar murg pasly-ýazlar,
Geler hoş dürli owazlar,
Heňňam bilen uçar gazlar,
Sona, ördek «köl» diýp aglar.
Kerler: «Waý gulagym ker» diýr,
Körler: «Iki gözüm ber» diýr,
Şalar «nöker», baýlar «zer» diýr,
Pakyr, misgin «mal» diýp aglar.
Mert bolsaň, ýakyna-ýada
Barabar bol, ýet imdada,
Ýolagçylar teriň suwda
Kä «naw, taýmyl, sal» diýp aglar.
Aýdar Zelili biçäre,
Günde ýüz köý geler sere,
Her kim düşse garyp ýere,
Zarlar, «watan, il» diýp aglar.
Türkmen şahyry: Zelili ذلیلی