Boldum
Ýesir bolup, munda gelip,
Jandan doýan ýaly boldum;
Ýagşy meýlisden aýrylyp,
Göýä çopan ýaly boldum.
Garyplyk aldy kuwwaty,
Çeker boldum muşakgaty,
Ýüz müň gaýgy-garamaty
Başa goýan ýaly boldum.
Taşlap geldik ol mekany,
Jebre saldyk şirin jany,
Pähm edip peýda-zyýany,
Indi duýan ýaly boldum.
Howp aldy aklyň öýüni,
Aldyrdyk iliň ýerini,
Indi watanyň şükrüni,
Ýagşy bilen ýaly boldum.
Görmedim köňül çagyny,
Aldyrdym ýürek ýagyny,
Çekip watanyň dagyny,
Oda köýen ýaly boldum.
Ötdi aýralyk yzasy,
Gaçdy Hywanyň mazasy,
Göýä bir otly lybasy
Egne geýen ýaly boldum.
Neler gördük zalym handan,
Aýyrdy eziz watandan,
Zelili diýr, şu mekandan
Göýä doýan ýaly boldum.
Türkmen şahyry: Zelili ذلیلی