Indi
Biliň, ahyrzaman ýakyn
Gelipdir bigüman indi;
Bolupdyr il ile ýagy,
Oba oba duşman indi.
Çykypdyr täze ýol ýoda,
Galypdyr öňki urp-kada,
Gulak salmazlar nurbada,
Diňlemezler aman indi.
Köňüle kine dolduryp,
Pakyr malna göz gyzdyryp,
Ýersiz bir-birin öldürip,
Ederler nahak gan indi.
Rast dogry ýoldan gaýdarlar
Rahy-şeýtana giderler,
Jan dostlaryna aýdarlar
Aldag-ähdi ýalan indi.
Birewden pul karz alarlar,
Soň dönüp, dawa kylarlar,
Tobasyz, küfr bolarlar,
Geçerler biiman indi.
Gezerler, nämährem gözde,
Hergiz uýat bolmaz ýüzde,
Haýa-şerim gelin-gyzda,
Ýokdur edep-ekram indi.
Refs edip ylma-kelama,
Asy bolarlar möwlama,
Lukma dönüpdir harama,
Şübhelidir aş-nan indi.
Alyma hyzmat kylmazlar,
Pent-nesihat almazlar,
Aňlamazlar, hiç bilmezler,
Sud kaýsydyr, zyýan indi.
Abytlarda ybadat ýok,
Baýda haýyr-sahawat ýok,
Begde rehim, şepagat ýok,
Zalym bolmuş soltan indi.
Nebs üçin il gezer pirler,
Tamyg edip, el sererler,
Kazylary ýüz görerler,
Bolmaz dogry diwan indi.
Bet işe ederler meýli,
Ýada salmazlar jelili,
Aýdar gelipdir Zelili,
Ýagşy ötüp, ýaman indi.
Türkmen şahyry: Zelili ذلیلی