Nyşan, seýidi
Ýakyn köňül bilen bu ýyrak ýerden
Gönderdim men saňa nyşan, Seýidi!
Gündogdudan, Hallygylyç serdardan,
Ýazyp bir zarynjy dessan, Seýidi!
Aldandyk, tersleşdik, hanyň hyýaly,
Dini dostdur, ýaman kuffardan päli,
Ýurdundan turuzyp, agladyp ili,
Kyldy harap, etdi weýran, Seýidi!
Galdyk bu mähnetden munda sakynyp,
Ryzkymyzny sagdan, soldan tapynyp,
Daş gaçarmyz, görenmizden gypynyp,
Mesgenimiz çöl-beýewen, Seýidi!
Häli-şindi watan düşmez agzymdan,
Nanu-nemek asan ötmez bogazymdan,
Gije-gündiz seni diýip gözümden,
Akar ýaşym bady-baran, Seýidi!
Hat ýollamak, unutmazlyk ýatlaşyp,
Aýralyk bir dag-düwündir gatlaşyp,
Gürgeniň düzünde toý-toý artlaşyp,
Ýene sürsek bile döwran, Seýidi!
Bu otlara bu jan dözmez, men dözsem,
Ýurt şirin zat, köňül üzülmez, el üzsem,
Tapmaryn Hywany, Buhary gezsem,
Seniň deý özüme ýaran, Seýidi!
Ata-baba geçen jaýlary görsem,
Gürgenden nan iýsem, Etrekde ýörsem,
Degmeseler, at üstünden bir barsam,
Hiç bolmasa etsem seýran, Seýidi!
Men neýläýin, galdy ara daş bolup,
Ganatym ýok, uçup gitsem, guş bolup,
Saglygymyzda bir-birge duş bolup,
Aýrylyşsak, galmaz arman, Seýidi!
Gezer bu Zelili örtenip, bişip,
Bardy niçe aýrylanlar gowuşyp,
Öten bahar Kesarkaçda sataşyp,
Hany etdigiň ähdi-peýman, Seýidi?
Türkmen şahyry: Zelili ذلیلی